Ştrih- kodlar boýunça “GSI Türkmenistan” milli guramasy menejment ulgamynyň hilini tassyklaýan ISO 9001:2015 laýyklyk ygtyýarnamasyny aldy.
“GSI Türkmenistan” guramasynyň işine gözegçilikden soň oňa halkara ygtyýarnamasyny beren Şweýsariýanyň SGS sertifikasiýa boýunça edarasy Beýik Britaniýanyň Akkreditasiýa gullugyna wekilçilik edýär, ol bu ulgamda öňbaşçylaryň biridir we onuň auditleriniň netijeleri tutuş dünýäde ykrar edilýär.
ISO 9001:2015 ölçeginiň talaplarynyň ornaşdyrylmagy “GSI Türkmenistan” guramasynyň işini has netijeli eder, onuň abraýyny göterer, halkara hyzmatdaşlygy jähtinden mümkinçiligini giňelder.
Önümleri daşary ýýurtlara ugratmaga gönükdirilen döwlet maksatnamasy Türkmenistanyň kärhanalaryna halkara ölçegleriniň ornaşdyrlmagyny we olaryň sertifikatlaşdyrylmagyny şertlendirýär.ISO 9001:2015 ölçegi menejmentiň sarp edijiden ugur almak, netijeli dolandyryş çözgütlerini kabul etmek, işi hemmetaraplaýyn seljermek, açyk bäsdeşlik we işewürlik etikasy, öz önümçilik ugrunda öňe saýlanmaga isleg ýaly hil menejmentiniň esasy ýörelgelrine eýermeklige şaýatlyk edýär.
Bu ölçegiň ornaşdyrylmagy türkmen kompaniýalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ep-esli derejede ýokarlandyrar.
Ştrih- kodlar boýunça milli guramanyň öňdebaryjy halkara tejribesini harytlary we hyzmatlary identifikasiýalaşdyrmak ulgamyna ornaşdyrmak babatdaky işi türkmen haryt öndürijileriniň dünýä bazarlaryna çykmagyna ýardam eder, olaryň innowasiýa işini höweslendirer we milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşine, onuň eksport mümkinçiliginiň ýokarlnamagyna gönükdirlendir.