Gruziýanyň Sinandali sazçylyk festiwaly

Gruziýanyň Sinandali sazçylyk festiwaly

Gruziýanyň Sinandali şäheriniň baş binasynda 5-nji gezek nusgawy sazlaryň muşdaklary üçin köp sanly konsertler we çäreler gurnaldy.Bu şanly senäniň hormatyna 2023-nji ýylyň 31-nji awgust 10-njy sentýabr aralygynda sazçylyk festiwaly geçiriler.

Festiwalda Janandrea Nozeda, Manfred Honek, Wahtang Kahidze we Kristof Konts ýaly dirižýorlar, şeýle hem Ýefim Bronfman, Tsotne Zedginidze, Nobuýuki Suji, Aleksandr Malofeýew ýaly wirtuoz solistler we beýlekiler çykyş ederler.

Gruziýanyň Sinandali şäherinde geçiriljek festiwalda Pan Caucasian youth orchestra atly orkestrda bütindünýä sazandalary bilen bilelikde Türkmenistandan 7 adam, ýagny Mulkamanowa Selbinýaz, Nurmyradowa Altyn, Annamyradowa Aýlar, Matkarimowa Gözel, Gylyjow Döwran, Sähetmyradow Ysmaýyl, Botaýarowa Aýlar dagylar çykyş ederler. Bu sazandalar Italiýanyň meşhur dirižýory Klaudio Wandelli tarapyndan 2023-nji ýylyň 25-nji fewralynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan sazandalardyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmen sazandalary Gruziýada geçirilýän sazçylyk festiwalyna gatnaşar
SYN
Zenan dalaşgärler üstünlik gazandy
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
Argentinanyň Kubogynyň iň gowy golçusynyň baýragyna Agueronyň ady dakyldy
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion