Gruziýanyň Prezidenti Parlament saýlawynyň netijesini kabul etmejekdigini beýan etdi

Gruziýanyň Prezidenti Parlament saýlawynyň netijesini kabul etmejekdigini beýan etdi

Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwili paýtagt Tbilisi şäherindäki Prezident köşgünde beýanat berdi.

5 göterimlik çägi geçen oppozision "Gruziýany Halas etmek üçin Bileleşik", "Üýtgeşme üçin Koalisiýa" we "Güýçli Gruziýa" saýlaw bloklarynyň liderleri tarapyndan goldanylýan Salome Zurabişwili, ýurdunda geçirilen parlament saýlawlarynyň üstünde durup geçdi.

Salome Zurabişwili, saýlawda hökümediň başyndaky Gruziýa Hyýaly Partiýasynyň ýeňiş gazanandygyny görkezýän netijeleri kabul etmeýändiklerini aýtdy.

Saýlawlarda galplyň edilendigini öňe sürrn Salome Zurabişwili, " Bu saýlawlar düýbünden galplaşdyryldy " diýip belledi.

Salome Zurabişwili saýlawlarda halkyň sesleriniň "ogurlanandygyny" öňe sürüp, "Biz, Rus ýörite operasiýasy hökmünde häsiýetlendirilip bilinjek bir wakanyň pidasy bolduk. Halkymyza, ýurdumyza gibrid urşuň täze görnüşleriniň biri ulanyldy" diýdi.

Gruziýanyň Ýewropa bilen geljegi bolan bir ýurtdygyny we mundan el çekmejekdiklerini aýdan Salome Zurabişwili: "Bu saýlaw ykrar edilip bilinmez, sebäbi bu, Russiýanyň bu ýere girişiniň, Gruziýanyň Russiýa baglylygynyň ykrar edilmesidir" diýip nygtady.

Salome Zurabişwili, saýlawyň netijelerini ykrar etmeýän oppozision partiýalaryny we halky ertir agşam Tbiliside Parlament binasynyň öňüne ýygnanmaga çagyrdy.

Günbatar döwletlerini hem ýurduna we halkyna goldaw bermäge çagyran Salome Zurabişwili, Gruziýanyň goralmagynyň, geosyýasy deňagramlylygyň goralmagy manysyna gelýändigini belledi.

Gruziýada geçirilen parlament saýlawlarynda, 53,93 göterim ses alan hökümediň başyndaky Gruziýa Hyýaly partiýasy ýeňiş gazanypdy.

Sesleriň 11,03 göterimini alan "Üýtgeşme üçin Koalisiýa" 2-nji, 10,16 göterimini alan "Gruziýany Halas etmek üçin Bileleşik" 3-nji, 8,81 göterimini alan "Güýçli Gruziýa" 4-nji we 7,77 göterimini alan "Gakhariýa Gruziýa üçin" 5-nji bolupdy.

Oppozisiýa, saýlaw netijelerini ykrar etmejekdiklerini yglan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Gruziýada Protest Aksiýalary Dowam Edýär
Türkmenler Gürjüstandaky protestler, özbek häkimiýetleriniň 'maşgala dawalary' barada pikir alyşýar
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Siriýa bahar gyşda geldi
Idlibe howa hüjümi guraldy
'Türkmen depderleri'. Dürli ýurtlardan bolan aktiwistler başga pikirliligiň türkmen taryhyna degişli proýekt döretdi