
Gruziýanyň Hökümet başlygy Irakliý Garibaşwili iş başyndan gidýändigini yglan etdi diýip, 24KZ habar berýär.
Ýeri gelende ýatlatsak, Respublikada Parlament iň ýokary kanun çykaryjy edaradyr. Konstitusiýa laýyklykda, Premýer-ministriň ygtyýarlylyklary iş başyndan giden dessine bes edilýär. Hökümet bolsa, täze Premýer-ministr bellenýänçä, işini dowam edýär. Ministrler Kabineti hem iş başyndan gidýär. Täze Premýer-ministr Ministrler Kabinetini düzüp, Parlamente tassyklatmaga iberýär.
Irakliý Garibaşwili Premýer-ministriň wezipesini iki gezek, 2013-nji ýylyň noýabryndan 2015-nji ýylyň dekabryna hem-de 2021-nji ýylyň fewralyndan häzirki döwre çenli eýeledi. Ol indi ýurdy dolandyryjy partiýasynyň başlygy bolar. Täze Premýer—ministriň kandidaturasy ertir 1-nji fewralda Gruzin arzuwy partiýasynyň gurultaýynda belli bolar. Ol dolandyryjy partiýany dolandyrýan Irakliý Kobahidze bolar diýlip çaklanylýar.