Gruziýanyň minankarisi atly şaý-sepleriň sergisi

Gruziýanyň minankarisi atly şaý-sepleriň sergisi

Diýarymyzda bu gün daşary ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da berkeýär. Dürli ýurtlaryň medeniýetini we sungatyny öwrenmek we synlamak, daşary ýurtly sungat ussatlarynyň döredijiligini synlamak üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz uly işleri amala aşyrýarlar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Gruziýanyň minankarisi atly şaý-sepleriň sergisi gurnaldy.

Zergärçilik sungatynda Minankari şaý-sepleri häzirki wagtda aýallaryň we erkekleriň şaý-seplerini - halkalary, gulakhalkalary, gülýakalary öndürmekde giňden ulanylýar. Häzirki wagtda sungatyň dürli ugurlarynda kloison emeli ulanylýar. Bu täsin sungat eserleri, Gruziýanyň baý taryhynyň we gözelligi we ussatlygy bilen bezenýändigini görkezýär. Şeýle ajaýyp sungat eserlerini synlap Gruziýanyň täsin zergärçilik sungaty bilen tanyşmak üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredip berdi.

Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ähli işleri rowaçlyklara beslensin!

Ýene degişli makalalar

Gadymy gruzin zergärçilik sungatynyň sergisi geçirildi
Miras Jewellery Täze ýyl mynasybetli aýratyn bezeg şaýlarynyň toplumyny hödürleýär
Gadymyýetden gözbaş alan nepislik
Gadymyýetden gözbaş alan nepislik
Türkmenistanly zergärleriň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy
Artyk ady bilen adygan