Gruziýanyň Medeniýet we sport ministrligi 26-njy oktýabrda geçjek Parlamente saýlawlardan soňra iki sany edara bölüner. Bu barada ýurduň Hökümet başlygy Irakliý Kobahidze habar berdi.
Kobahidzeniň sözlerine görä, kanun üýtgetmeleri netijesinde häzirki ministrligiň ornunda aýrylykda Medeniýet hem-de Sport ministrlikleri dörediler.