Gruziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany

Gruziýanyň Raça-Leçhumi we Kwemo Swaneti sebitinde ýerleşýän syýahatçylyk zolagy Şowide 3-nji awgustda başdan geçirilen ýer süýşgüninden soň başladylan gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Gruziýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň başlygy Temir Mgebrişwili, şu gün ýene-de bir zenanyň jesediniň tapylandygyny we ýogalanlaryň sanynyň 19 adama ýetendigini mälim etdi.

Dereksiz ýiten 15 adamyň entek tapylmadyk apat zolagyndaky gözleg we halas ediş işlerine gözleg we halas ediş toparlary bilen birlikde, polisiýa işgärleri, harbylar, ýörite taýarlykly itler, dikuçarlar we uçarmansyz howa ulaglary gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ýaş režissýor täze filminde ýyldyzlary jemleýär
Bütin dünýäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan tutluşygy
Nýu Ýorkda garaşylmadyk ýeňiji çempionlardan öňe saýlandy