Gruziýanyň Içeri işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Şowide başdan geçirilen ýer süýşgüninden soň sebitde başladylan gözleg we halas ediş işlerinde häzirki wagta çenli 18 adamyň jesediniň tapylandygy, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi habar berildi.
Beýanatda aralarynda çagalar hem bolan 19 adamyň tapylmagy üçin takmynan 400 adamdan ybarat toparyň, polisiýa işgärleriniň we harbylaryň gatnaşýan, howadan bolsa dikuçarlaryň goldaw berýän gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi mälim edildi.
Şowidäki işlere ýakyndan gözegçilik edýän Gruziýanyň Premýer ministri Irakli Garibaşwili, adam pidalary sebäpli 7-nji awgustda ýurtda Milli Ýas hökmünde yglan edilendigini habar berdi.