Gruziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy

Gruziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy

Gruziýanyň Raça-Leçhumi we Kwemo Swaneti sebitinde ýerleşýän syýahatçylyk zolagy Şowide 3-nji awgustda başdan geçirilen ýer süýşgüninde ýogalanlaryň sany 17 adama ýetdi.

Gruziýanyň Içeri işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Şowide başdan geçirilen ýer süýşgüninden soň sebitde başladylan gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi habar berildi.

Beýanatda takmynan 400 adamdan ybarat toparyň, polisiýa işgärleriniň we harbylaryň gatnaşýan, howadan bolsa dikuçarlaryň goldaw berýän gözleg we halas ediş işleriniň çäginde häzirki wagta çenli 17 adamyň jesediniň tapylandygy mälim edildi.

Aralarynda çagalar hem bolan dereksiz ýiten 19 adamdan bolsa häzirki wagta çenli habar ýok.

Şowidäki işlere ýakyndan gözegçilik edýän Gruziýanyň Premýer ministri Irakli Garibaşwili, adam pidalary sebäpli 7-nji awgustda ýurtda Milli Ýas hökmünde yglan edilendigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda Möhüm Duşuşyklar Geçirýär
Gruziýanyň Premýer-ministri Ysraýyla Bardy
Gruziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany
Ýewraziýa Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Ýewraziýa sebitinde ýerleşýän döwletleriň gün tertibiniň  ileri tutulýan ugurlary
Gruziýa jahankeşdeligi ösdürmäge bäş ýylda milliard lari goýbermekçi