Gruziýadaky suw süýşgünlerinde heläk bolanlaryň sany 18 adama ýetdi. Bu barada ýurduň IIM-niň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugynyň işgärleri habar berdiler diýip, MIR 24 ýazýar.
Häzir dereksiz ýiten 16 adam gözlenýär. Heläkçilik bilen baglylykda, 7-nji awgust Respublikada matam güni diýlip yglan edildi.
Güýçli suw süýşgüni 3-nji awgustda beýik dag ülkesi bolan Raçadaky Şowi şypahanasynda boldy. Tebigy hadysa köprüleridir ýollary, şeýle hem jahankeşdelik kottejlerini we myhmanhanany haraplady.
Halas ediş işlerine dört dikuçar we 400 sany ýangyn söndürijilerdir halas edijiler, şeýle hem meýletinçiler, harbylar gatnaşdy. Bu barada Geo teleýaýlymy habar berdi.