Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy bilen Gruziýanyň kino akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen kinolarynyň günleri geçirilýär. Bu çäre Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän günleriniň çäginde geçirilýär.

22-nji noýabrda bolan açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň filmleri hödürlenildi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Açylyş dabarasyna Gruziýanyň degişli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri, Gruziýada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ylmy döredijilik işgärleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çäre režissýor M.Gylyjowyň Kompozitor atly filminiň görkezilişi bilen açyldy. Bu film Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldamagynda döredilendigini aýratyn bellenip geçildi.

Ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow, şeýle-de medeniýet işgäri, kinoçy Dali Okropiridze giriş sözleri bilen çykyş etdiler.

Şeýle-de çäräniň çäklerinde režissýorlar Arslan Eýeberdiýewiň Istärin we Sahysalyh Baýramowyň Gyzyl kürte atly kinolarynyň hem görkezilişi geçiriler. Türkmen kinolarynyň görkezilişi 2024-nji ýylyň 24-nji noýabryna çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Tbiliside Türkmen kinosynyň günleri badalga aldy
Tbiliside türkmen kinosynyň günleri badalga aldy
Tbiliside türkmen kinosynyň günleri geçirilýär
Türkmen diplomaty türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilişi barada gürrüň berdi
Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaklyk maslahatlaşyldy
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy