“Gruzin arzuwy” öňde barýar

26-njy oktýabrda häkimiýet başyndaky “Gruzin arzuwy – Demokratik Gruziýa” partiýasy ýurtda geçirilen parlament saýlawlarynda 55,93 göterim ses alyp ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Giorgiý Kalandarişwili habar berdi.

Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, “Gruzin arzuwy” 55,93 göterim, “Özgerişlik üçin koalisiýa” 11,037 göterim, “Agzybirlik – milli hereket” partiýasy 10,164 göterim, “Güýçli Gruziýa” 8,814 göterim, “Gruziýa üçin Gahariýa” 7,771 göterim ses aldy.

Bu saýlaw uçastoklarynyň 74 göterimine, elektron saýlaw gutularyny ulanyp, ýurtda geçirilen ilkinji saýlaw boldy. Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, saýlawlara gatnaşyk 58,94 göterime deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Saýlawlaryň soňky netijeleri mälim edildi
17.09.2017 | Gruziýanyň parlament wekiliýeti Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi
30.08.2017 | Gruzin hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisinde boldy we Olimpiýa şäherjigine baryp gördi
30.08.2017 | Hormatly Prezidentimiz we Gruziýanyň Premýer-ministri türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar
Rus goşuny Donetskdäki Georgiýewka ýaşaýyş zolagyny gözegçiligi astyna aldy