Gripp ýarawsuzlygynyň aýrylmagy üçin tebigy çözgütler

Gripp ýarawsuzlygynyň aýrylmagy üçin tebigy çözgütler

Gepleşigimiziň bu sanynda Gripp ýarawsuzlygynyň aýrylmagy üçin tebigy çözgütler hakynda maglumat bermek isleýäris.

J witamini

Günüň dowamynda pomidor, ter burç, petruşka, mandarin, greýfurt, pyrtykal, nar, itburny we kiwi ýaly düzüminde J witamini bolan gök hem-de miwe önümleri sarp edilmeli.

Zenjebil

Günde bir datly çemçesi üwelen zenjebili salada, çorba, gatyga ýa-da ýumurtganyň üstüne sepip, iýmek maslahat berilýär.

Kardamon

Kardamon, bakteriýalara we wiruslary aýyrmak üçin peýdalydyr. Sowuklama, borhit, üsgülewik, gyzgynyň ýokarlamagy ýaly ýarawusyzlyklar üçin peýdalydyr. Immunitet ulgamyny güýçlendirýär. Agyz we bokurdak agyrylaryny aýyrýar.

Ehinaseýa

Bu ösümlik çaýyny demlemek üçin 4 datly çemçesi ehinaseýa we 1 lirt gaýnan suw ýeterlik. Gaýnan suwa goşulan ehinaseýany 5 minut gaýnadyp, süzenden soň içmek maslahat berilýär

Ženşen

Ýadawlyk, ysgynsyzlyk ýaly biynjalyklykda bedeniň çydamlylygyny güýçlendirýär. İmmunitet ulgamyny kadalaşdyrýar we güýçlendirýär.

Ak çaý

Günde 1-2 käse ak çaý içmek immunitet ulgamyny güýçlendirýär.

Naryň gabygy we gibiskus

2 sany şaýlyk ululygyndan kakadylan naryň gabygy bilen 1 datly çemçesi gibiskusy bir käse gaýnan suwa salyň. Pes otda 5 minut demläň we sowadyň. Günde bir gezek ýyly içmek maslahat berilýär.

Bokurdak agyrysyna duz we çaý sodaly suw

1 käse suwa 1 çaý çemçesi duz we 1 datly çemçesi duz sodasyny goşup, çaýkamak, bokurdak agyrysyny azaldýar.

Sink we selen

Immunitet ulgamy üçin esasy minerallardandyr. Selen; deňiz jandarlarynda, etiň, soganyň we sarymsagyň düzüminde bar. Sink bolsa kädir çigidinde, çig fundukda, hoz, çig badam ýaly ýagly tohumlarda, hindi etinde, guzy etinde, sparžada we kömelegiň düzüminde bar.

Omega 3 ýag aşgarlary

Hepdede 2 gün hökmany suratda balyk iýmeklik maslahat berilýär. Çig fundugyň, hozun we badamyň düzüminde-de Omega 3 bardyr.

Beta-karotin

Sary-mämişi reňkli ösümleriň düzüminde bardyr. Kädi, käşir, ananas, hurma we erik düzüminde beta-karotin bolan bakja we miwe önümleridir.

Burun dykylmasyna çopantelpek bugy

Ýokarky demalyş ýollaryny açýan çopantelpek, çyglylygy kadalaşdyrýar. Ýyly suwa birnäçe guradylan çopantelpegi salyp, öýüňizdäki ojagyň goýup bilersiňiz. Bugaran çopantelpegiň suwy öýüň çyglylygyny üpjün edip, burun dykylmasynyň öňünbi alar.

Kwersetin

Sitrus önümlerinde, almada, gyzyl üzümde, soganda, tudanada, böwürslende we gyzyl soganda bar bolan pigmentdir. İmmunitetiň güýçlenmegi üçin peýdalydyr.

Üsgülewigi aýyrýan bally zenjebil

Gripp sebäpli ýüze çykýan gury üsgülewigiň öňüni almak üçin ballywe üwelen zenjebil erginini taýýarlap, ertir we agşam 2 datly çemçesi iýmeklik maslahat berilýär.

Ýadaw gözleri çaý bilen ýuwmak

Gara çaý göz ýadawlygyýa-da biynjalyklygy üçin rahatlandyryjydyr. Pagtany gara çaýa batyryp, gözüňize kompres etmek maslahat berilýär.

Güýçlendiriji ösümlik çaýyny içmek maslahat berilýär.

Zenjebil çaýy

Taýýarlanyşy: Zenjebil çaýy üçin ilki suwy gaýnadalyň. Gaýnandan soň bäş minut garaşalyň. Her bir çaşka zenjebilli çaý üçin hoz ululygyndaky zenjebiliň gabygyny artyp, dogralyň.

Çaýnige zenjebilleri, çybyjak görnüşli dalçyny salyp, gaýnan suw guýalyň. 8-10 minut demländen soň, limon sykyp içmek maslahat berilýär.

Dynç almak

Gripp üçin iň netijeli çözgütlerden biri hem dynç almaklykdyr. Dynç alýan otagyňyzyň howasynyň arassa bolmagyna üns beriň.

Köp mukdarda suw içiň

Bol mukdarda suw içmek grippiň aýrylmagy üçin peýdalydyr.

Etiň suwy

Etiň suwy, suwsuzlygyň öňüni almak üçin peýdalydyr we ýyly içmek bokurdak agyrysyny azaltmak üçin maslahat berilýär.

Towuk çorbasy

Gripplänlere towuk çorbasyny içmegiň peýdalylygy giňden bilinýän tejribelerden biridir.

Sarymsak

Sarymsak sarp etmek, immuniteti güýçlendirýär we näsaglygyň azalmagyny üpjün edýär. Çig sarymsak iýmeklik hasam peýdalydyr.

Gatyk

Organiki gatyk sarp etmek diňe bir bokurdak agyrysyny azaltmaýar, şol bir wagtda-da immunitet ulgamyny güýçlendirýär. Gatygyň düzüminde belok hem bardyr. Şol sebäpli grippden gutulmagyň ýollaryndan biridir.

Ýene degişli makalalar

Demir Ýetmezçiligi Anemiýasy
Kädiden taýýarlanýan içgiler
Böwrek daşy biynjalyklygyna tebigy çözgüt teklipleri
Gurban baýramynyň ýakynlaşmagy bilen bahalar ýokarlanýar
Türkmenistandaky dükanlaryň eýelerine azyk bahalarynyň “maslahat berilýän” sanawyny paýladylar
Tomsuň halanýan önümi