Klimat krizisi we raýat goranyş ministrligine degişli Ýangyn söndüriji gullugyndan berilen beýanata görä, geçen hepdäniň sişenbe güni başlan aşa ýagyşlaryň sebäp bolan sil apatlary zerarly ýogalanlaryň sany 15 adama ýetdi.
Tebigy apatyň başdan geçirilen ýerine baryp gören Premýer ministr Kiriakos Misotakis, sil apatynyň ýetiren zyýanynyň öwezini dolmak üçin Ýewropa Bileleşigine ýüz tutjakdyklaryny habar berdi.
Kiriakos Misotakis, Larisadaky krizis merkezinde beren beýanatynda, sil apatynda zyýan çeken adamlara döwletiň çürt-kesik ýardam elini uzatjakdygyny belläp: "Sişenbe güni men tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän hökümet wekiliýeti bilen Starsburga gidip, ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşyk geçirip, Ýewropanyň bu apatyň hötdesinden gelip bilmegimiz üçin, nähili kömek berip biljekdikleri barada gepleşikler geçirerin" diýip mälim etdi.
Sil apatynda zyýan çeken adamlara döwlet tarapyndan kömek beriljekdigini aýdan Misotakis, döwletiň saglygy goraýyş edarasynyň goralmagy üçin hem ençeme çäräniň görüljekdigini beýan etdi.
Misotakis tebigy apatyň başdan geçirilýän sebitde Günbatar Nil wirusyna ýolugan adamlaryň bardygyny, Saglygy goraýyş ministrliginiň mör-möjeklere garşy göreş babatynda işler alyp barjakdygyny aýan etdi.
Beýleki tarapdan ýerli metbugat tarapyndan berilen maglumata görä, sil apatynda zyýan çeken adamlar Larisada Misotakise garşy protest aksiýalaryny geçirdiler.
Polisiýa işgärleri protestçileri dargatmak üçin gözüňi ýaşardýan gaz ulandy.
Polisiýa işgärleri bilen protestçileriň arasynda başdan geçirilen wakalarda 9 polisiýa işgäri ýaralandy, 20 protestçi göz tussaglygyna alyndy.