Gresiýadaky otly heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy

Gresiýadaky otly heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy

Gresiýanyň Larisa şäheriniň golaýynda iki otlynyň çakyşmagy netijesinde bolan otly heläkçiliginde azyndan 38 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.

130 adamyň hem ýaralanan wakanyň bolan ýerinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Wakada bir ýolagçy otlusy bilen garşy tarapdan gelýän ýük otlusy çakyşdy, ýolagçy otlusynyň wagonlary agdaryldy.

Wakadan soň otlylaryň ikisi hem ýandy, ýangyn söndüriji we tiz kömek ulaglary sebite gönükdirildi.

Gresiýanyň Premýer ministri Kiriakos Misotakis waka sebäpli ýurtda 3 günlük ýas yglan etdi.

Türkiye Gresiýada başdan geçirilen otly heläkçiliginde ýogalan adamlar sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi.

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda: "Goňşymyz Gresiýada düýn gije başdan geçirilen otly heläkçiliginde köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habar uly gynanç bilen alyndy. Bu heläkçilikde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna, Gresiýanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursul fon der Lýaýen Gresiýada bolan we 38 adamyň ýogalmagy we 130 adamyň hem ýaralanmagy bilen netijelenen otly heläkçiligi bilen bagly beýannamasynda grek halkyna gynanç bildirdi.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursul fon der Lýaýen: "Pikirlerim düýn gije Larissa şäheriniň golaýynda başdan geçirilen we adam pidalaryna sebäp bolan elhenç otly heläkçiliginden soň Gresiýanyň halky bilen Ýewropa seniň bilen ýas tutýar. Mundan başgada ýaralanan ähli adamlara gyssagly şypa dileýärin. Biz siziň ýanyňyzdadyrys" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Gresiýadaky sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 15 adama ýetdi
Gresiýada otly heläkçiligi başdan geçirildi
Gresiýada Taksiçiler 1 Günlük Iş Taşlady
“1974-nji Ýylyň 20-nji Iýuly, Kipr Türkü Üçin Şanly Gün”
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Türkiýe, Gresiýanyň  Goranmak Ministrine Berk Garşylyk Görkezdi