Gresiýada otly heläkçiligi başdan geçirildi

Gresiýada otly heläkçiligi başdan geçirildi

Gresiýada iki otlynyň çakyşmagy netijesinde bolan otly heläkçiliginde azyndan 32 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.

Otly heläkçiligi Saloniki we Larisa şäherleriniň arasynda ýerleşýän Tempi sebitinde başdan geçirildi.

Wakada bir ýolagçy otlusy bilen garşy tarapdan gelýän ýük otlusy çakyşdy, ýolagçy otlusynyň wagonlary agdaryldy.

Wakadan soň otlylaryň ikisi hem ýandy, ýangyn söndüriji we tiz kömek ulaglary sebite gönükdirildi.

Azyndan 32 adamyň ýogalan otly heläkçiliginde şeýle hem köp sanda adam ýaralandy.

Ýogalan we ýaralanan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda: "Goňşymyz Gresiýada düýn gije başdan geçirilen otly heläkçiliginde köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habar uly gynanç bilen alyndy. Bu heläkçilikde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna, Gresiýanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Gresiýadaky otly heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy
Prezident Erdogan Gresiýanyň Ozalky Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
Erdogan-Şara Duşuşygy Dünýäniň Gün Tertibinde…
Hakan Fidan Dohada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Halklaryň janyna howp abanmaýan bolsa, uruş jenaýatdyr
Türkmen türgenleri jiu-jitsu boýunça Gresiýada geçirilen dünýä çempionatynda 18 medal gazandylar