
Gresiýanyň Kommunistik partiýasyna agza topar, Aleksandrupolis şäherinde demir ýolunda urşa garşy protest aksiýasyny geçirdi.
Aksionerler; “Aleksandrupolis imperialistleriň merkezi däl, halklaryň porty” diýip, şygar aýtdylar.
Demir ýolunyň ugruna barrikada goýan aksionerler, ABŞ-na we NATO agza tanklary alyp barýan otlyny duruzdy.
Palestinanyň baýdaklaryny göteren aksionerlerden biri otludaky tankyň üstüne “Ganhorlar, öýüňize dolanyň” diýip ýazdy.
Türkiýe-Bolgariýa serhediniň golaýynda ýerleşýän Aleksandrupolis Ukraina-Russiýa söweşiniň başlamagyndan soň NATO-nyň harby enjamlarynyň Rumyniýanyň hem-de Bolgariýanyň üstaşyr Ýewropa geçirilmeginde alternatiw ýollardan birine öwrüldi.