Gresiýanyň Milli Döwlet saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berilen beýanata görä, soňky 1 hepdede 9 täze Günbatar Nil wirusy wakasy hasaba alyndy.
Beýanatda ýogalanlaryň sanynyň 19-a adama ýetendigi, esasan hem Fessaliýa, Merkezi Makedoniýa, Gündogar Makedoniýa, Frakiýa, Günbatar Makedoniýa we Epir sebitlerinde hasaba alynandygy mälim edildi.
Hünärmenler öňümizdäki aýlarda wirusa ýoluganlaryň sanynyň artyp biljekdigini belleýärler.
Çybynlaryň üsti bilen ýaýraýan infeksiýa keseli bolan Günbatar Nil wirusyndan goranmak üçin häzirki wagtda hiç hili sanjym ýok.
Günbatar Nil wirusy esasan hem Afrika, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Amerika we Günbatar Aziýada gabat gelýär.