Gresiýada Bolan Otly Heläkçiliginde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Gresiýada Bolan Otly Heläkçiliginde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Gresiýada düýn bolan otly heläkçiliginde ýogalanlaryň sany 46 adama ýetdi.

Gresiýanyň döwlet telewideniýesi ERT-niň berýän habarynda, Larisa şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Tempi etrabynda ýolagçy otlysy bilen ýük otlysynyň kakyşmagy sebäpli käbir wagonlaryň relýesden çykandygy we öňdäki wagonlaryň ýanandygy sebäpli heläkçilikde ýogalanlaryň sanynyň 46 adama ýetendigi nygtaldy.

Habarda, otly heläkçiliginde 6-sy agyr bolmak bilen 57 adamyň hem ýaralanandygy ýatladyldy.

Gresiýanyň Prezideti Katerina Sakellellaropulu, Premýer-ministr Kirkos Mikotais, Saglygy goraýyş ministri Tanos Plewris, oppozisiadaky Radikal çepçi hyzmatdaşlygyň lideri Aleksis Çipras we Goranmak ministriniň orunbasary Nikos Hatdalias heläkçiligiň başdan geçirlen sebitine baryp gördi.

Gresiýanyň hökümeti ýurduň taryhyndaky iň uly otly heläkçiligi sebäpli 3 günlük milli ýas yglan edipdi.

Paýtagt Afinide, düýn otly heläkçiligine garşy geçirlen protest ýörüşinde dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Şu gün hem Afinide we Salonikde protest ýörişleriniň geçirilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Gresiýada Bolan Otly Heläkçiliginde Ýogalanlaryň Sany 57 Adama Ýetdi
ABŞ-da Bolan Uçar Heläkçiliginde 5 Adam Ýogaldy
Meksikada awtobusyň agdarylmagy netijesinde 18 adam ýogaldy
Russiýada Bombardyman Uçary Heläkçilige Uçrady
Meksikada Dikuçar Heläkçilige Uçrady
ABŞ-da ýük gämisi köpri bilen çaknyşdy