
Gresiýanyň Tessalýa welaýatynyň Larisa şäheriniň golaýynda 5,2 bal ululygynda ýer titremesi boldy.
Afini Ýer bilimleri instituty, ýerli wagt bilen 14.57-de Larisa şäheriniň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Elassona şäherçesiniň golaýynda ýeriň 10 kilometr aşagynda ýer titremesiniň bolandygyny habar berdi.
Ýer titremesinde ýogalanyň ýada ýaralananyň bolup bolmandygy hakynda maglumat berilmedi.
Larisa şäheriniň golaýynda 4-nji martda hem 5,9 bal ululygynda ýer titremesi bolupdy.