Gresiýanyň ozalky Premýer-ministrlerinden Kostas Simitisiň aradan çykmagy sebäpli ýurtda 4 günlük milli ýas yglan edildi.
Gresiýanyň ERT teleýaýlymynyň habaryna görä, düýn aradan çykan 88 ýaşyndaky Simitisiň jynazasynyň ähli çykdajylary döwlet bujetinden tölener.
Premýer-ministr Kostas Simitis üçin ilkinji çäre 9-njy ýanwarda sagat 12-de geçirler.
Simitis üçin ýurtda 4 günlük milli ýas yglan edildi we milli ýasyň dowamynda döwlet eýeçiligindäki edaradyr-kärhanalarda baýdaklar ýarysyna çenli aşakladylar.
Düýn ir ertir Korinthos hassahanasyna alnyp gidilen Simitisiň hassahana getirilmezden öň aradan çykandygy anyklandy.
1936-njy ýylda doglan Simitis, Gresiýada birnäçe gezek häkimiýetiň başyna geçen PASOK partiýasynyň gurujy agzalaryndan biridi.
Simitis 1996-2004-nji ýyllaryň aralygynda birnäçe gezek ministr bolup işledi.
Hukuk we ykdysadyýet bilimini alan Simitis birnäçe uniwersitetde hem ders beripdi.