Koronawirus ýokanjyndan soňra bütin Ýewropada jahankeşdelik okgunly ösdi, bu öz nobatynda ykdysady meseleleri ýitileşdirdi. Şol sanda Santorini grek adasy ýaly meşhur şypahanalar gorlaryň ýetmezçiliginden hem-de köçelerde hereketiň kynlaşmagyndan ejir çekýärler diýip, Bloomberg neşirine salgylanýan rg.ru ýazýar.
Käbir naharhanalardyr göwün açyş ýerleri dynç almaga gelenleri giriş petegi üçin tölegler, çäklendiriş çäreleri, hatda wagtlaýyn gadaganlyklar bilen azaltmakçy bolýarlar. Emma bu-da o diýen kär etmeýär, sebäbi tomus çakdanaşa yssy geldi. Santorinide ýerli häkimiýetleriň 2012-nji ýyldan bäri çäklendirmeleri girizmegi talap edýändiklerine garamazdan, bu tomusda 3,4 million jahankeşdä garaşýarlar.
Mysal üçin, Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Misotakis syýahat gämilerinde neşhur adalara barmagy çäklendirmek isleýär, munuň sebäbi ol ýerlerde ulag aragatnaşygy we galyndylary ýok etmek babatda kynçylyklar ýitileşýär. Ol bu hadysa çakdanaşa jahankeşdelik diýip at berdi. Täze düzgünler adalarda gämi duralgalarynyň sanyny azaldyp biler. Bu-da öz gezeginde gämilerde bir günlük gezelençleriň sanyny çäklendirmäge kömek eder.