GREENGO dükanynda K9 kristally lýustralaryň köpdürli görnüşleri alyjylara ýetirilýär

GREENGO dükanynda K9 kristally lýustralaryň köpdürli görnüşleri alyjylara ýetirilýär

Aşgabatdaky GREENGO dükany lýustralaryň K9 kristally täze kolleksiýasy bilen tanyşmaga çagyrýar. Assortimentde modern, loft we klassika ýaly dürli görnüşdäki modeller hödürlenýär.

Täze kolleksiýanyň tapawutly aýratynlygy lýustralara aýratyn öwüşgin we lezzet berýän ýokary hilli K9 kristallarynyň ulanylmagydyr.

Dükanyň wekilleriniň bellemegine görä, her lýustra özboluşly dizaýny we ýokary hilli ýasalyş ussatlygy bilen tapawutlanýar. Olaryň ähli bölekleri usullylyk bilen işlenip düzülip, diňe iň gowy materiallar ulanylypdyr, şonuň üçinem bu lýustralar köp ýyllaryň dowamynda hyzmat eder.

Müşderiler dükandan K9 kristally lýustralardan başga-da, fonarlar, prožektorlar we ş.m. ýaly dürli hili yşyklandyryş enjamlaryny tapyp bilerler. Öýüň içerki bezegi üçin şeýle-de stilli torşerler, dürli dizaýndaky we reňkdäki bralar hem-de spotlar bar.

Bulardan başga-da, dükanda energiýa tygşytlaýjy we LED lampalaryň görnüşleri görnetin artdy. GREENGO haryt nyşanly LED lampalar ýokary tygşytlylygy, beýleki şu hili meňzeş görnüşleri bilen deňeşdirilende 90% az energiýa sarp edýändigi bilen tapawutlanýar. Şol bir wagtyň özünde hem, olar 50 000 sagada çenli netijeli ulanyş möhletini kepillendirýär.

GREENGO dükany şu salgyda ýerleşýär: G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), Aýly Diýar binasy.

Telefon belgisi: (+993 63) 60 06 22. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

AGG Lighting dükany 60х60 LED panelleriniň köpdürli görnüşlerini alyjylara ýetirýär
GREENGO dükanyna täze harytlar gelip gowuşdy
AGG Lighting dükanynda lýustralaryň täze modelleri alyjylara ýetirilýär
GREENGO dükanynda yşyklandyryş enjamlaryna arzanladyş başlady
Bossan Concept we Saloni.tm dükanlaryna yşyklandyryş enjamlarynyň täze toplumlary gelip gowuşdy
GREENGO dükanynyň hünärmenleri daşarky we içerki yşyklandyryşy bejermek işlerini ýerine ýetirerler