Hindistanyň Tata adyndaky Binýatlaýyn barlag institutynyň alymlary grafeniň esasynda arzan görnüşli uzak möhletli respirator döretdiler. Olar bir gezeklik ulanylýan lukmançylyk örtüklerini çalyşmagy meýilleşdirýärler, sebäbi täze önümiň özüne düşýän bahasy bary-ýogy bir dollara barabardyr. Barlag barada Oxford Open Materials Science ylmy žurnaly ýazýar.
Tarangattu Naraýananyň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary bütin dünýäde ýaýran we pandemiýa döwründe has uly meşhurlyga eýe bolan N95 respiratorlarynyň işleýiş prinsipini üns bilen öwrendi.Goragy babatda gowy hem bolsa, olaryň ulanylyş möhleti çäkli. Ähli wiruslary özüne çekýän elektrikleşdirilen gorag dokumasynyň zarýadyny ýitirýändigi sebäpli örtügi sekiz sagatdan köp ulanyp bolmaýar.
Alymlar täze örtügiň gorag gatlaklarynyň birini grafen we ftorly maddalar bilen örtmek kararyna geldiler.Netijede, örän netijeli respirator emele geldi we onuň täsirliliginiň belli bir möhleti ýok.Goşulan maddalar şeýle bir täsirli welin, adatdaky bäş gatlaga derek, ýerine maska döretmek üçin diňe üç gorag gatlagy talap edilýär.