Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde Türkmen halysynyň milli muzeýinde hem-de Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde Goýup sen haýrana külli älemi - türkmen halysy atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän Arşyň nepisligi, Janly rowaýat atly kitaplary, olaryň many-mazmuny, kitaplarda ýerleşdirilen türkmeniň nepis halylary barada täsirli gürrüňler edildi.Kitaphanamyzyň hünärmenleri, şeýle-de ussat halyçy zenanlar türkmeniň nepis halylarynyň taryhy, dokalyş aýratynlygy, haly dokamakda ulanylýan dürli gurallaryň görnüşleri, haly gölleriniň aňladýan manylary hem-de boýaglarynyň alnyşy barada gyzykly gürrüňler berdiler.
Türkmen halysyna bagyşlap gurnalan haly we haly önümleriniň hem-de kitaplaryň sergisi uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan edildi.