Goturdepenebit nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 534 müň tonna gara altyn çykaryldy

Goturdepenebit nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 534 müň tonna gara altyn çykaryldy

Türkmennebit döwlet konserniniň iň baýry ýataklarynda iş alyp barýan Goturdepenebit nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň birinji ýarymynda nebit berýän guýulardan çykarylan gara altynyň umumy möçberi 534 müň tonna barabar boldy.

Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwrüniň önümçilik görkezijisi bilen deňeşdirilende, gymmatly uglewodorod çig malynyň jemi 10 müň 125 tonnasynyň artyk alnandygyna şaýatlyk edýär diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Önümçilik tabşyryklaryny artygy bilen berjaý etmekligi baş maksatlaryna öwren goturdepeli gara altyn ussatlarynyň geçen hasabat döwründe tutuş konsern boýunça alnan nebitiň üçden birine barabaryny taýýarlamagy başarandyklaryny aýratyn nygtamak gerek.

Müdirlik boýunça geçen alty aýda 216 million kub metre barabar ugurdaş gazlary çykarmak baradaky meýilnama 107 göterime golaý berjaý edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmennebit döwlet konserniniň ýataklarynyň 30-dan gowragynda iş alnyp barylýar
Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan goşmaça 42 million kub metre barabar gaz çykaryldy
Goturdepe buraw işleri müdirligi 33 müň metre golaý dag jynslaryny burawlady
Türkmennebit döwlet konserni boýunça üç aýda bellenilen meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna täze tabşyryklary berdi