Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda “Goturdepe” nebit ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnama boýunça Goşmaça ylalaşygy baglaşmak boýunça gepleşikler geçirildi. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça görlen çäreleriň netijesinde bu ugurda degişli ylalaşyklar gazanyldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ony öňdebaryjy pudaga öwürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, hödürlenen meseläniň düýpli seljerilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany nebitgaz toplumynyň netijeli işini üpjün etmegiň, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, ylmy gazanylanlary hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönüden-göni baglydygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.