Goturdepe buraw işleri müdirligi 33 müň metre golaý dag jynslaryny burawlady

Goturdepe buraw işleri müdirligi 33 müň metre golaý dag jynslaryny burawlady

Türkmennebit döwlet konserni nebit-gazly ýataklarda gözleg-barlag işlerini geçirmek we olary işläp taýýarlamak işlerini alyp barmak bilen, pudagyň ösüşiniň esasy maksatnamalarynyň toplumlaýyn çözgüdini üpjün edýär.Konserniň Nebitgazburawlaýyş trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri şu ýylyň geçen hasabat döwründe ulanyş maksatly guýularyň sekizisiniň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar.

Netijede, şu maksat bilen 31 müň 633 metr dag jynslaryny burawlamak baradaky meýilnama 123,3 göterim berjaý edildi.Bu barada Türkmenistan gazeti ýazýar.

Daşary ýurtlaryň has kuwwatly buraw enjamlaryna eýe bolan kärhananyň burawlaýjylary çuň ýataklary açmaga we özleşdirmäge elýeterli gorlaryň möçberlerini ep-esli giňeltmäge mynasyp goşant goşýarlar.Bar bolan mümkinçilikleri ýerlikli ulanmagy başarýan bu müdirlikde geçen hasabat döwründe ulanyş we gözleg maksatly täze guýularyň jemi 10-synda buraw işleri doly ýerine ýetirildi.

Gazylan dag jynslarynyň umumy çuňlugy 49 müň 37 metre deň boldy.

Netijede, bu baradaky dokuz aýlyk meýilnama 125 göterim berjaý edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmennebit döwlet konserniniň ýataklarynyň 30-dan gowragynda iş alnyp barylýar
Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär
Ýanwar aýynda 300 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy
Gumdagnebit nebitgaz çykaryş müdirligi tarapyndan bäş aýlyk meýilnama 136 göterim berjaý edildi
TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $5 milliondan geçdi
Toyota 2030-njy ýyla çenli elektrik ulaglaryň 30 kysymyny öndürmekçi