Aktrisa Megan Foks 7-nji noýabrda “Görmegeý ýigitler ajy däne bolýarlar” diýlip atlandyrylýan goşgular ýygyndysyny çykarar. Bu “Jenniferiň bedeni” filminiň ýyldyzynyň edebiýat meýdanynda awtor hökmünde ilkinji synanyşygy bolar. Foksuň bu kitabyny çap edýän neşirýat goşgular ýygyndysyna “üýtgeşik” eser diýip baha berýär.
Täze ýygyndy 80 sany goşgyny öz içine alar. Awtor olary özünde dymmaklyk sebäpli dörän nähoşlukdan halas bolmak üçin ýazandygyny belleýär. Aktrisa bütin ömründe syr saklap geçirendigini, onuň ýükünden ýaňa indi bedeniniň tap getirip bilmeýändigini belleýär. Megan Foks goşgular ýygyndysynyň köplere bagtlylygyny we özboluşlylygyny yzyna gaýtarmaga ýardam eder diýip umyt edýär.