Goşar sagady näme üçin çep ele dakylýar?!

Adamlaryň aglaba bölegi goşar sagatlaryny çep eline dakynsalar, käbir adamlar, esasan hem, zenanlar sagady sag eline dakynmagy makul bilýärler.Taryhy maglumatlara nazar aýlasak, XX asyryň başlarynda ilki jübi sagatlary peýda bolup, olary ilki erkekler ulanypdyr.

Olar häzirki döwrüň goşar sagatlaryndan has uly bolup, ýörite tikilen torbalarda saklanylypdyr.Jübi sagatlarynyň daşky ýüzi köp döwlegen bolandygy we sagadyň hronometrlerini zeper ýetmekden goramak maksady bilen sagatlary has az iş edilýän çep ele dakynylmagy makul bilnipdir. Ýagny, sagadyň çep ele dakylmagy, oňa belli bir derejede zyýan ýetmeginiň öňüni almakdan ybarat bolupdyr. Çep el azrak iş bilen meşgul bolup, sagady döwülmekden gorap saklapdyr.

Wagtyň geçmegi bilen goşar sagady iň gerekli enjamlaryň birine öwrülýär.Sagadyň çep ele dakynylmagynyň ýene bir sebäbi ýer ýüzünde sag elinde ýazýan adamlaryň çepbekeýlere garanyňda has köp bolmagy bilen baglydyr.

Goşar sagatlary ilat arasynda has meşhurlyga eýe bolansoň, olary çep ele dakynmak has oňaýly bolupdyr.Aslynda, ony haýsy eliňe dakanyň tapawudy ýok.Telefonlaryň peýda bolan ilkinji ýyllarynda goşar sagadyny ulanýanlar birneme azalan hem bolsa, soňlugy bilen artyp başlady.

Ony bezeg hökmünde dakynýan hem az däl. Şeýle hem soňky ýyllarda smartfon bilen sazlaşykly işleýän, jaň edip, SMS-leriňi okap bolýan, äden ädimleriňi sanaýan sagatlaryň peýda bolmagy bilen bu enjamlaryň ulanylyşy has hem artdy.

Taýýarlan Nargiza Melsowa,Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüşuniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Diýarymda joşýar şirin owazlar
Owadan jeňňel suguny-Amyderýa goraghanasynda seýrek duşýan haýwanlaryň biridir
Artykmaç agramdan dyndarýar
K a l e ý d o s k o p
Daşoguzda zenanlara bagyşlanan sergi açyldy