Goşa ganatly ýel turbinasy

Hytaý birnäçe ýyl bäri deňizlerde ýel turbinalaryny gurýar.Deňizler gury ýere garanyňda yzygiderli ýel öwüsýändigi sebäpli turbinalaryň üznüksiz işlemegini üpjün edýär.Hytaýly inženerler dürli çözgütleri hödürleýärler.

Golaýda bolsa, Mingyang Smart Energy kompaniýasy tarapyndan OceanX atly ýel turbinasynyň gurluşygy tamamlandy.Y görnüşli bitewi platformada ýerleşýän desganyň ýokarsy V şekilli bolup, hersiniň ujunda aýratyn perleri bar.

Gurluşyň umumy agramy 16 müň 500 tonna, perleriniň diametri 182 metre ýetýär.Berk gurluşly OceanX desgasy tizligi sagatda 260 kilometre ýetýän ýele hem-de 30 metre ýetýän tolkunlara çydap bilýär. Ýel turbinasy bir ýylda, takmynan, 30 müň hojalyga ýetjek 54 müň MW/t elektrik energiýasyny öndürmäge ukyplydyr.

Häzirki wagtda Hytaýyň günortasyndaky Guançžou portunda duran desgany kenardan uzakdaky başga bir ýere ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

Ýurtda 2025-nji ýyla çenli sarp edilýän elektrik energiýasynyň üçden bir böleginiň arassa çeşmelerden üpjün edilmegi maksat edinilýär.

Mährem BABAMYRADOWA,

TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Ýene degişli makalalar

Türk telewideniýe işgärleri türkmen kärdeşlerine täze iş usullaryny öwretdiler, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şäherçesinde ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň agzalygyna ilkinji saýlawlar geçirildi we bebleki habarlar
Uçýan awtoulag öndürýän ilkinji zawod
Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň bahasy belli boldy
China Southern Airlines Siandan Aşgabada yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär
20 millionynjy elektroulagyny öndürdi
Mişlen ýolbeledi iň arzan restoranlary bolan şäherdir ýurtlary anyklady