Jeýms Webb adyndaky kosmos teleskopy arkaly 326 million ýagtylyk ýyly uzaklykda gök reňkli ýyldyzlardan we gaz bulutlaryndan emele gelen iki galaktika anyklandy.Bu galaktikalar bir-birleriniň içine girip duran ýagdaýynda surata düşürildi.
NASA-nyň astronomlary bu iki galaktikanyň on millionlarça ýyldan bäri bir-birine ýapyşyp durandygyny belleýärler.Astronomlaryň bellemeklerine görä, bu galaktikalar milliardlarça ýyldan soňra birleşip, bitewi galaktika öwrüler.NASA şeýle ýagdaýyň 4 milliard ýylyň dowamynda Akmaýanyň ýoly galaktikasy bilen Andromeda galaktikalarynyň arasynda hem bolup geçjekdigini belledi.
Jeýms Webb teleskopy 2021-nji ýylyň ahyrynda Habbl kosmos teleskopynyň ornuny tutmak üçin uçurylypdy. Kosmosyň çuňluklarynda has dury suratlary almaga mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýanyň önümi bolan bu teleskopy ABŞ-nyň awiakosmos agentligi (NASA) bilen bir hatarda Ýewropa Kosmos agentligi hem-de Kanada Kosmos agentligi bilelikde işläp taýýarlady.
Gurbanmämmet Amanow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Magtymguly etrap birleşmesiniň başlygy.