Her ýyl däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi we muzeýiň ilkinji zenanlar guramasynyň gurnamagynda Milli bahar baýramy hem-de Halkara Nowruz güni mynasybetli Al-elwan gülli bahar geldi ilime atly sergi gurnaldy.
Sergide türkmen şekillendiriş sungatynyň ussatlary, halypa suratkeşleriniň döreden nusgawy eserleri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymlarynyň we talyp ýaşlaryň eserleri sergilendi. Milli bahar baýramy hem-de Halkara Nowruz güni türkmen gelin-gyzlarymyzyň kalbyny joşdurýar.
Sergide Zeýnep milli lybaslarynyň gatnaşmagynda görkezilen zenanlaryň milli lybaslary dürli görnüşde ýerine ýetirilip sergä aýratyn öwüşgin berdi. Türkmen zenanlarymyzyň döreden ajaýyp milli lybaslarynda, el hünärleriniň ussatlygy, gözellige bolan garaýyşy duýulýar.
Türkmen halkynyň asuda asmanyň astynda, parahat ýurtda ýaşamaklygy üçin, täze eserleri döredip halka ýetirmekde Hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de bütin türkmen halkyny Milli bahar baýramy hem-de Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!