Gorkut ata halkara kinofestiwalynda Magtymguly baradaky türkmen-özbek filmi görkeziler

Gorkut ata halkara kinofestiwalynda Magtymguly baradaky türkmen-özbek filmi görkeziler

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde türkmen we özbek kinematografiýaçylarynyň uly döredijilik topary şahyryň durmuş we döredijilik ýoluna bagyşlanan doly metražly film döretmek boýunça bilelikde işleýärler. Çeper filmi döredijiler bu işi ýakyn wagtda tamamlamagy we täze filmi şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Türkmenistanda geçiriljek Gorkut ata halkara kinofestiwalynda görkezmegi meýilleşdirýärler.

Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, şahyryň ýaşlygy we onuň maşgalasy barada filmiň 40 minudy, şeýle hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň gözel künjeginde we Guryhowdan diýlen ýerde onuň beýleki pursatlary surata düşürildi.

Häzirki wagtda bu sahna bezegleri döredilýär we Özbegistanda Buharada we Hywada surata düşüriş işleri dowam etdirilýär.Ol ýerde Magtymguly Pyragynyň Gögeldaş we Şirgazy medreselerinde okan döwri başdan geçiren wakalary, onuň ruhy halypalary bilen tanyşlygy we şahyrana zehininiň, dünýägaraýşyň ösmegi açylyp görkezilýär.

Filmi goýujy režissýor tanymal özbek kinematografiýaçysy Muzaffarhan Erkinowdyr.Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşigi tarapyndan Öre Daşgynow bilen Rahymberdi Annagulyýew we özbek awtorlarynyň ikisi filmiň edebi esasynyň awtordaşlarydyr.Magtymguly Pyragynyň keşbini Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň ýaş aktýory, Aşyk Magtymguly spektaklynda beýik akyldar şahyryň keşbini döretmekde tejribe toplan Ahmet Amandurdyýew döredýär.

Pyragynyň pederi Döwletmämmet Azadynyň keşbini Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň aktýory Çary Berdiýew ýerine ýetirýär.Filmde başga-da tanymal türkmen we özbek aktýorlary surata düşýärler.

Ýene degişli makalalar

Özbek kinoçylary Magtymguly hakda film düşürmek üçin Türkmenistana geldi
HALK TEATRLARYNYŇ BÄSLEŞIGI
Gelip men Hywadan ýörüp
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Musa Jarullah