Gorkut ata (Dädem Gorkut) dessany adamzadyň medeni miraslar sanawyna girizildi

Gorkut ata (Dädem Gorkut) dessany adamzadyň medeni miraslar sanawyna girizildi

Türki halklaryň arasynda gadym wagtlardan bäri dilden-dile geçip gelen Gorkut ata (Dädem Gorkut) dessany Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň adyndan ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni miraslar sanawyna girizildi diýip, guramanyň saýty habar berýär.

Wikipediýanyň, erkin ensiklopediýanyň türkmen dilindäki maglumatlaryna görä, 12 boýdan ybarat dessanyň iň gadymy nusgasy Drezdende (Germaniýa), Watikanda (Rim) saklanylýar we ony Gündogary öwreniji meşhur alym, akademik W.W.Bartdol 1900-nji ỳylda rus diline terjime edýär.

Gorkut ata dessany ilkini gezek professor Mäti Kösäýewiň tagallasy bilen1945-nji ýylda, “Sowet edebiýaty” žurnalynda türkmen okyjylaryna hem okyjylara ýetirilip başlanýar we 1950-nji ýylda özbaşdak kitap gornüşinde çapa taýýarlanylýar.

Emma ol okyjylara ýetmän galýar, sebäbi Türkmenistan SSR-niň şol wagtky ýolbaşçysy Suhan Babaýew 1951-nji ýylda bukitaby “türkmene ýat, halka duşmançylykly eser” hökmünde ýazgaryp çykyş edýär.Bu kitaby çapa taýýarlanlar - Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew, Orazmuhammet Abdalow dagy “dini-milletçilikli eseri çapa taýýarlandyklary üçin” sud edildi. Ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň maglumatyna görä, başda Mäti Kösäýew bilen Orazmuhammet Abdalowa atuw jezasy, Baýmuhammet Garryýewe bolsa, 25 ýyl türme tussaglygy berildi.

Emma soň atuw jezalary 25 ýyl türme tussaglygyna çalşyryldy we 1953-nji ýylda sowet hökümetiniň ýolbaşçysy Iosip Staliniň ölmegi bilen, Gorkut ata hossar çykan türkmen alymlary azatlyga çykdy we 1956-njy ýylda aklanyldy.

Türkmenistan SSR-niň Kommunitstik Partiýasynyň Merkezi Komiteti 1989-njy ýylda“Gorkut ata” kitaby barada 1951-nji ýylda kabul eden kararyny ýatyrýar.TDH 2015-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynda “Kitaby dädem Gorkut” diýen gadymy türkmen eposynyň täze neşiriniň tanyşdyryş dabarasynyň gurnalandygyny habar berdi. “Gadymy halk eposynyň täze neşiri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň ylmy topary tarapyndan eseriň Drezden nusgasy esasynda çapa taýýarlanyldy” diýip, habarda aýdylýar. Ýazyjy Bugaýewiň tassyklamagyna görä, “Kitaby dädem Gorkut” eseri Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda merhum Mäti Kösäýewiň 1940-njy ýyllarda toplan boýlary esasynda, şeýle-de edebiýatçy Ata Rahmanowyň Daşoguz welaýatynda il içinden ýazyp alan boýlary esasyndaçapa taýýarlandy.

Emma Türkmenistanda bu alymlaryň taryhy kyssany il içinden ýygnamak, ile ýetirmek üçin eden tagallalary kän ýatlanylmaýar. Şol bir wagtda, garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda Gorkut ata dessany döwlet propagandasy üçin ulanyldy we onuň boýlary esasynda Däli Domrul oýny hem sahnalaşdyryldy.

Gepiň gerdişine aýdylsa, bu oýunda baş roly ýerine ýetirip, il içinde meşhur bolan Töre Annaberdiýew şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň gurduran “saglyk ýodasyna” çykyp, “Bu saglyk ýodasy däl, ajal ýodasy eken” diýeninden soň, gümürtik aýyplamalar bilen türmä basyldy we azatlyga çykanyndan soň uzak ýaşaman, biwagt dünýäsini başgalady.

Ýene degişli makalalar

Kitaby dädem Gorkut eposynyň jemgyýetçilige mälim bolmadyk Berlin nusgasynyň üsti açyldy
Halk hakydasy we häkimiýetler: gadaganlyklaryň sebäbi nämede?
Magtymgulynyň jedelli’ goşgularynyň doňdurylan çekişmesi’ haçan açylar?
Durdy Baýramow: nakgaş barada ýatlamalardan
26.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan