
Stambuldaky Dolmabahçe ofisinde “Türkiýäniň milli howp galkany” temaly maslahatda çykyş eden Prezident Erdogan, 6-njy fewralda Kahramanmaraşda bolan ýetirmelerin 11 şäherde köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes sebäp bolandygyny aýtdy.
“Pida bolan 45 müňden gowrak raýatlarymyzyň, ýaralanan 115 müň raýatymyzyň gussasy ýüregimizde” diýen Erdogan, betbagtçylygyň öwezini golmak üçin gije-gündiz işleýändiklerini aýtdy.
Çekilen ýitgileri kesgiýleýiş işleri gutarandan soň şäherlerde guruljak täze ýaşaýyş jaýlarynyň we oba öýleriniň sanlarynyň belli boljakdygyny nygtan Erdogan, täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerleriniň gurluşygyna başlandyklaryny mälim etdi.
Prezident Erdogan; “Täze ýaşaýyş ýerleri meýilleşdirilýärkä şäherlerimiziň ugruny mümkin gadar düzlüklerden daglara, ýerlerini çydamly ýerlere gönükdireris. Gadymy şäherlerimizi taryhy we medeni baýlyklarymyz gorap saklajak, şol bir wagtda-da tebigy apatlardan gorajak düşünjä laýyklykda abadanlaşdyrmagy meýilleşdirýäris. Gorizontal binagärlikden egilşik etmeris” diýdi.