Haluk Görnün goranyş senagatynda ýetilen sepgit hakynda beýannama berdi.
Goranyş senagaty edarasynyň başlygy; “Türkiýäniň goranyş senagatyndaky uly ösüşi we tehnologik garaşsyzlyk ugrundaky tagallasy bütin dünýäde ünsleri çekýär. 15 milliard dollardan geçen pudagyň söwda mukdary, 80 göterimden geçýän ýerlilik möçberi we 185 ýurda edilýän eksport bilen türk goranyş senagaty global arenada özüni subut etdi” diýdi.
Şu ýyl Türkiýäniň güýjüni sergilejek esasy çarelerinden biri bolan “Saha Expo” sergisinin 22-26-njy oktýabrda Stambulda geçiriljekdigini ýatladan Haluk Görgün; “1400-den gowrak gatnaşyjy firma, 150 müňden gowrak sergi muşdagy, 300-den gowrak önüm tanyşdyrlyşy we 200-den gowrak gol çekiş dabarasy bilen goranyş senagatymyzyň ýeten sepgidi bilelikde görkezeris. Şol bir wagtda-da 12 halkara ylmy maslahat bilen pudagyň gelejegini ugrukdyrjak diskusiýalar geçiriler we 500-den gowrak toparyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk şertnamalary baglaşylar” diýdi.
Türk goranyş senagatynyň öňdebaryjylarynyň täze tehnologiýalary we önümleri bilen “Saha Expo” gatnaşjakdygyny aýdan Haluk Görgün, goranyş senagatynyň ýeten sepgidini görmek isleýänleri sergä çagyrdy.