Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň çäginde Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna girizilen ösümlikleriň üçüsi gögerýär. Olar hywa şorasy, çägemik we Eýhwaldyň sözenidir.
Hywa şorasy gadym döwürlerden bäri Üstýurt düzlüginde gögerýär. Boýy ýarym metre golaý bu ýarym gyrymsy agajyň bir özi-de, jeňňellerde-de, düzlükde-de we Sarygamyş oýunda-da ösýär. Bu ösümlik iýulda gülläp, sentýabrda miwe berýär. Ol Türkmenistanyň demirgazygynda gadym eýýamlardan galan relikt ösümlikdir.
Kösükliler maşgalasynyň wekili Eýhwaldyň sözeniniň boýy has uly hem bolup biler, ýöne bu ýerde welin çägelerde, daşly we toýunsow eňňitlerde gögerýän kiçeňräk agaçdyr.Ol köplenç Sarygamyş kölüniň kenarlarynda gabat gelýär.
Eýhwaldyň sözeni aprel aýynda gülleýär, açylmaýan kösügi iýunda ýetişýär.Ol süýşýän çäge depelerini berkitmekde ulanylýandygy üçinem gymmatlydyr.Gojalaryň aýtmagyna görä, ozallar onuň düýbi çöldäki guýylaryň diwarlaryny berkitmek, köki bolsa tebigy reňk taýýarlamak üçin peýdalanylypdyr.
Amyderýanyň guran köne hanasyndaky Mergen aşanda ýa-da Bötendagda owadan ýarym gyrymsy ösümlik çägemik gögerýär. Düzüminde peýdaly maddalaryň we witaminleriň köplügi, şeýle hem owadan şireli miweleri üçin azyklyk hem dermanlyk bu ösümlige türkmen klýukwasy-da diýilýär. Halk arasynda bu ösümlik epgege, bu ýerlere mahsus ýowuz aýaza çydamlylygy üçin halanylýar.
Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Gaplaňgyr goraghanasynyň ösümlik dünýäsi, hünärmenleriň aýtmagyna görä, dürli uruglardan we maşgalalardan, şol sanda diňe şu sebitde ösýän ösümlikleriň 400 görnüşi bar. Goraghananyň hünärmenleri olary yzygiderli öwrenýärler, şeýle hem ösümlikleri saklap galmak hem-de Daşoguz welaýatynyň medeni zolagynda olaryň käbir görnüşlerini ýaýratmak boýunça uly işler alyp barýarlar.