Google iOS we Android operasiýa ulgamlary bolan enjamlar üçin niýetlenen Google Translate programmasyny kämilleşdirmegi dowam etdirýär. Bu gezek kompaniýa türkmen we ýene 32 täze diliň oflaýn terjimesini goldaýan mümkinçilik bilen ulanyjylaryny begendirdi.
iOS we Android üçin Google Translate programmasy hatda internete birikmesiz hem tekstleri terjime etmek üçin dil bukjalaryny göçürip almaga mümkinçilik berýär. Bu mümkinçilik, esasan hem, syýasata giden wagtyňyz ýerli SIM kartany satyn almazlyk we Wi-Fi-a bil baglanmazlyk kararyna gelen wagtyňyz kömek eder.
Şeýle aýratynlyk eýýäm onlarça dili goldaýar we indi bu sanawa ýene 33 dil goşuldy:
Google Terjime programmasynda dil bukjasyny göçürip almak üçin, islenýän diliň gapdalyndaky Ýüklemek nyşanyna basmak ýeterlikdir.
Google Translate dil sanawyna 2020-nji ýylda türkmen diliniň resmi taýdan goşulandygyny ýatladýarys. 2022-nji ýylyň maý aýyndaky ýagdaýa görä, goşundyda 133 dil bar we sanaw yzygiderli täzelenýär.
Google Translate köp aýratynlygy hödürleýän, ulanmak üçin aňsat bolan programmadyr.Goşundy göçürilen, ýazylan ýa-da sesli aýdylan sözleri we sözlemleri terjime edip bilýär.Onuň kömegi bilen hatda suratlardaky ýazgyny hem terjime edip bilersiňiz.
Mundan başga-da, programma Google Lens-iň mümkinçiligini ulanyp, kameradan görünýän zatlaryň hemmesini şol wagtda terjime edip bilýär.Bu peýdaly we amatly aýratynlykdyr.Diktasiýa barada aýdylanda, programma adamlaryň arasyndaky söhbetdeşligi şol wagtda terjime etmäge mümkinçilik berýän söhbetdeşlik tertibini hem hödürleýär.
Şeýle-de okaň: