Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) “Tottenhem” kluby Google kompaniýasyna özüniň öý stadionynyň adyna hukugy satmak mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, “The Athletic” neşiri ýazýar. Muny gazeta.ru ýetirýär.
Bu mesele boýunça gepleşikler işjeň tapgyrda, ýöne taraplar heniz gutarnykly ylalaşyga gelmedi. Arena 2019-njy ýylda açyldy, ol 62 850 tomaşaçyny sygdyrýar. Stadionyň gurluşygy üçin “Tottenhem”, takmynan, 1 mlrd funt sterling sarp etdi. Bu ýerde diňe bir futbol oýunlary däl, eýsem konsertler we dürli şüweleňler, boks ýaryşlary, şeýle-de amerikan futboly boýunça oýunlar geçirilýär.