Google tölegleri kriptowalýutada kabul edip başlar

Google tölegleri kriptowalýutada kabul edip başlar

Google-yň käbir müşderileri eýýäm 2023-nji ýylyň başynda bulut hyzmatlary üçin kriptowalýuta bilen töleg geçirip bilerler. Bu barada Google Cloud Next konferensiýasynda korporasiýanyň wekilleri aýtdy diýip, CNBC habar berýär. Muny rbc.ru ýetirýär.

Bu korporasiýanyň Coinbase kriptowalýuta biržasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijesinde mümkin bolar.Ilkibaşda Google integrirlenen Coinbase Commerce hyzmatynyň kömegi bilen tölegleri kriptowalýutada az sanly müşderilerden kabul eder diýip, wise-prezident, baş menejer we Google Cloud platformasynyň ýolbaşçysy Amit Zaweri gürrüň berdi.

Häzirki wagtda Coinbase Commerce bitkoin, Bitcoin Cash, Dogecoin, Ethereum we Litecoin ýaly 10 walýutany göterýär.Wagtyň geçmegi bilen, Google köp müşderilere kriptowalýutany ulanmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de, Zaweri korporasiýanyň kriptowalýutalary saklamak we gepleşikleri geçirmek üçin Coinbase Prime hyzmatyny peýdalanmagy göz öňünde tutýandygyny belleýär.

Coinbase hem maglumatlary saklamak üçin Google-yň bulut infrastrukturasyny ulanjakdygyny mälim etdi.Birža öz programmalaryny Amazon Web Services bulut hyzmatyndan göçürer diýip, Coinbase-yň işewürligi ösdürmek boýunça wise-prezidenti Jim Migdal habar berdi.

Kriptowalýuta tölegleri geçirilende Coinbase tranzaksiýadan göterim alar. Şertnamanyň beýleki şertleri aýan edilmeýär.

Ýene degişli makalalar

KIBERone we AMAkids-den tomusky teklip: islendik okuwda 20% arzanladyş
Türkmen-rus söwda dolanyşygy $1 milliarda golaýlady.
Türkmenistan Internetiň 'nurbatlaryny' berk towlaýar
Apple dünýäde iň gymmat brend diýlip yglan edildi
Täze sepgide ýetdi
Alžir, Nigeriýa we Niger Transsahara gaz geçirijisiniň gurluşygy barada ylalaşdylar