“Google terjimä” 110 täze dil goşuldy

Internetiň iň meşhur saýty “Google” ulanyjylaryna dürli hyzmatlary hödürleýär. Şolaryň arasynda onlaýn terjime hem bar. “Google terjime” hyzmatlaryna täze 110 dil goşuldy.Bu dilleriň arasynda 5 dil ural-altaý diller maşgalasyna degişli bolan türki dillerdir. Şeýlelikde çuwaşça, kyrym tatarçasy, başgyrça, tuwaça we ýakutça ulanyjylar üçin elýeterli boldy. Şunuň bilen terjime hyzmatlaryna goşulan türki dilleriň sany 13-e ýetdi.

Mundan öň “Google Translate” arkaly azerbaýjan, gazak, gyrgyz, tatar, türk, türkmen, özbek we uýgur dillerini terjime etdirip bolýardy. “Google” bu baradaky habarynda şu gezek häzire çenli iň köp diliň goşulandygyny belledi.

“Google Translate” 2008-nji ýylda hyzmata hödürlenipdi. 2016-njy ýyla çenli “Google” bir dili başga bir dile statistiki maşyn arkaly terjime edýärdi. 2016-njy ýylyň noýabryndan başlap, has kämil “Google newral maşyn terjimesi” (GNMT) atly usul arkaly terjime edilip başlandy. “Google” terjime babatda yzygiderli kämilleşýär. Şeýle hem “OpenAI”-niň işläp taýýarlan “ChatGPT” we “DeepL” ýaly emeli aňa esaslanýan programmalar hem terjime hyzmatlaryny hödürleýär.

Ýene degişli makalalar

40 dile terjime edýär
Türkmen dili: Köne we täze synaglar
Ýapyk Türkmenistan Internet giňişligini giňeldýän wagty, Google Terjime türkmen dilini goşdy
Ýapyk Türkmenistan Internet giňişligini giňeldýän wagty, Google Terjime türkmen dilini goşdy
"Google Translate"-de lukmançylyk görkezmeleriniň terjimesi howply bolup çykdy
Eýranyň howa ýollary şirketi öz territoriýasy arkaly uçaryny goýbermekden boýun gaçyrandan soňra Türkmenistany hünärsizlikde aýyplady