Google Play internet dükanynda türkmen radiosy elýeterli boldy

Google Play internet dükanynda türkmen radiosy elýeterli boldy

Google Play internet dükanynda Türkmenistanyň döwlet radioýaýlymlaryny diňlemäge mümkinçilik berýän Türkmen Radio ykjam goşundysy peýda boldy.

Indi ulanyjylar dünýäniň islendik künjeginden Owaz, Watan, Çar tarapdan hem-de Miras radioýaýlymlaryny onlaýn diňläp bilerler.

Android operasion ulgamly smartfonlar üçin niýetlenen goşundy radioýaýlymlaryň efirini ýokary durulykda diňlemäge ýardam berýär.

Ykjam goşundy internet dükanynda tölegsiz esasda hödürlenýär we Android 4.1 we ondan ýokary wersiýaly smartfonlarda işleýär. Radioýaýlymlary diňlemek üçin internet toruna birikmek zerurdyr (EDGE, 3G, LTE ýa-da Wi-Fi).

Ýene degişli makalalar

21-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanda milli habar alyş-çalyş hyzmatlary meşhurlyk gazanýar
Türkmen radio ykjam goşundysy AppStore internet dükanynda peýda boldy
Iner Store onlaýn-dükanyna amatly bahadan elektrik ýyladyjylary gelip gowuşdy
Türkmenistanda iş gözlemek üçin niýetlenen “Wakant” onlaýn-platformasy işe girizildi
Awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň internet-dükany Ýakyndar özüniň ykjam programmasy arkaly söwda etmegiň artykmaçlyklaryna baha bermegi teklip edýär