Google "Okeý, Gugl" jümlesinden ýüz öwrer

Google "Okeý, Gugl" jümlesinden ýüz öwrer

Google özüniň ses kömekçisi üçin çalt jümleleriň üstünde işleýär. Çalt jümleleriň ulanyşa girizilmegi netijesinde, Google kömekçisi bilen aragatnaşyk saklamak üçin ulanyjylara her gezek “Okeý, Gugl” diýmek gerek bolmaz. Bu barada GSMArena portalyna salgylanyp, gazeta.ru habar berdi.

Portala görä, çalt jümleler eýýäm Android 12-niň beta görnüşi we iň soňky Google programmasy oturdylan Google 12 Pixel 3 XL smartfonlarynda elýeterli bolar.

"Çalt jümleler" funksiýasyny ulanmak üçin ulanyjy ony kömekçiniň sazlamalarynda özbaşdak işe girizmeli bolar. Funksiýa işe girizilenden soň ses kömekçisi ulanyjynyň anyk hereketler wagtynda aýdýan ähli zatlaryny diňlär. Mysal üçin, budilnigi öçürmek üçin kömekçi "Stop" ýa-da "Soňa goý" buýrugyna garaşýar, gelýän jaňy bolsa "Al" ýa-da "Öçür" sözleri bilen jogap berip bolar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly halkara ylmy maslahat geçirildi
Türkmenistan we UNDCO hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň DIM-de UNDCO-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit müdiri bilen duşuşyk
Gün şöhlesiniň ýiti täsirinden goranyň!
Sony, Universal we Warner emeli aň ulgamyndaky startaplaryň üstünden kazyýete arz etdi
Sony ýene on ýyldan dünýäniň nähili özgerjekdigini görkezdi