"Google" Nýu-Ýorkda ilkinji dükanyny açar

"Google" Nýu-Ýorkda ilkinji dükanyny açar

Şu ýylyň tomsunda “Google” Nýu-Ýorkda özüniň ilkinji bölekleýin dükanyny açar. Bu barada Russiýanyň “Interfaks” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, dükanda kompaniýanyň önümleri, ýagny, “Pixel” smartfonlary, “Nest” akylly termostatlar, “Fitbit” sagatlary we bilezikleri satylar.

Şeýle hem, bu dükanda “Google”-yň enjamlaryny ulanmak boýunça seminarlar geçiriler hem-de olary abatlamak boýunça hyzmatlar hödürlener.

Soňky 20 ýylyň dowamynda “Google” Nýu-Ýorkda işlemegini dowam etdirip gelýär we dükanymyzyň bu ýerde açylmagy uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygymyza ygrarlylygymyzyň alamatydyr diyip, kompaniýanyň wise-prezidenti Jeýson Rozental öz “Google” blogunda belledi.

Mundan ozal “Google” ABŞ-da wagtlaýyn söwda nokatlaryny açypdy. Nýu-Ýorkdaky täze dükan bolsa kompaniýanyň ilkinji hemişelik söwda nokady bolar.

Ýene degişli makalalar

Rekord bahadan satyldy
Belgiýanyň ýygyndysy mälim edildi, doganlar Hazarlar düzüme çagyryldy
Twitter Tramp baradaky habarlar üçin açylan hasaby petikledi
Stambul iňlis klublaryna garaşýar
Donald Tramp sosial media gaýdyp gelýär
“Liwerpulyň” 128 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi