Google kompaniýasy “pes ulanylyş derejesine” salgylanyp, Hytaýda Google Translate terjime hyzmatynyň işini bes etdi diýip, Interfax.ru habar berýär.
Google geçen birnäçe ýylda ýokary bäsdeşligiň, düzgünleşdirmäniň berkemeginiň we internetdäki berk senzuranyň esasynda Hytaýyň bazaryndan giden ençeme amerikan internet kompaniýalarynyň göreldesine eýerdi diýip, “The Wall Street Journal” ýazýar.Mundan başga-da, Hytaýda soňky ýyllar daşary ýurtly terjime hyzmatlary bilen bäsleşip biljek hususy terjime hyzmatlary işjeň ýagdaýda ösýär. 2010-njy ýylda Google ýurtda gözleg ýüz tutmalaryny senzura sezewar etmekden ýüz öwrüp, öz gözleg hyzmatyny Hytaýdan çykardy. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa 2017-nji ýylda hytaýly ulanyjylar üçin Google Translate-iň täzelenen wersiýasyny işe girizip, Hytaý bazaryndaky ornuny giňeltmäge çalyşdy. Şeýle-de, kompaniýa Pekindäki emeli intellekti öwreniş merkezini dolandyrýardy, ýöne ony 2019-njy ýylda ýapyp, HHR-de bu ugurdan indi gözleg geçirmeýändigini habar berdi.
Google häzirem Hytaýda meşhur brauzer hasaplanýan Chrome ýaly çäkli mukdarda hyzmatlary hödürleýär.