Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar berkidiler

Eýranyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkian, öz administrasiýasynyň goňşy döwletler bilen gatnaşyklary ileri tutup, ähli ýurtlar bilen gatnaşyklarda deňagramlylygy saklamaga tagalla etjekdigini aýtdy.

“Biz goňşularymyz bilen gatnaşyklary berkitmegi ileri tutarys. Biz “güýçli sebiti” döretmegiň tarapdary. Tähranyň Türkiýe, Saud Arabystany, Oman, Yrak, Bahreýn, Katar, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri we sebit guramalary bilen ykdysady we beýleki gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin hyzmatdaşlyga “sabyrsyzlyk bilen garaşýar” diýip, Prezidentiň Tehran Times gazetine beren söhbetdeşliginde aýdylýar.

7-nji iýulda Eýranda geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda reformaçy syýasatçy Masud Pezeşkian 16 million 384 müň 403 ses gazanyp, ýeňiş gazandy. Onuň bäsdeşi, konserwatiwleriň wekili Said Jalili bolsa, 13 million 538 müň 179 ses aldy. Saýlawlara gatnaşyk 49,8 göterim bolup, jemi 30 million 573 müň 931 ses sanaldy.

Ýene degişli makalalar

Tunisiň gaýtadan saýlanan Prezidenti kasam kabul etdi
Saýlawlarda ýeňiş gazandy
Türkmenistanyň Prezidenti Oman Soltanlygynyň Milli güni bilen gutlady
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Atekäýew ― iň gowusy
Köneürgenç Merkezi Aziýanyň derwezesi
Uýgur Türkçesi - 2