Goňşy Özbegistanda bolan partlama Lebap we Mary welaýatlarynda dowul döretdi

Goňşy Özbegistanda bolan partlama Lebap we Mary welaýatlarynda dowul döretdi

Goňşy Özbegistanyň Surhandarýa welaýatynyň Boýsun etrabynda ýerleşýän bir gaz käninde bolup geçen partlama Türkmenistanyň serhetýaka Lebap welaýatynyň, şeýle-de Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň arasynda dowul döretdi.

Türkmenler goňşy ýurtda bolup geçen adatdan daşary hadysanyň özbek häkimiýetleri tarapyndan boýun alynmagy we olaryň öz raýatlaryna ilkinji, gaýragoýulmasyz kömegi bermegi dogrusynda pikir alyşdylar.

Lebaply ýaşaýjylar özara gürrüňdeşlikde goňşy ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň ýüze çykan meseläni derhal boýun alandygyny belläp, munuň türkmen häkimiýetleri üçin “görelde bolmalydygyny” aýtdylar.

“Özbek halas ediş güýçleri partlama bolan badyna halka kömek bermäge başladylar we maglumaty aç-açan köpçülige ýetirdiler... Türkmen emeldarlary şeýle howply ýagdaý ýüze çykan halatynda özüňi nädip alyp barmalydygyny, hiç bolmanda, goňşy özbek emeldarlaryndan öwrenseler gowy bolardy” diýip, bir lebaply ýaşaýjy aýdýar.

“Türkmen häkimiýetleri özleriniň “hemme zat gülala-güllük, mesele ýok, jenneti mekan, bagtyýar durmuş” propagandasyna özleri ynanyp, öz-özüni aldaýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň serhedinden takmynan 50 kilometr çemesi gündogarda ýerleşýän Boýsun etrabynda 1-nji sentýabrda öýlän sagat 3:15 töwereklerinde bir gaz käninde partlama boldy.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bu sebitiň ýaşaýjylarynyň howpsuz ýerlere ewakuasiýa edilendigini habar berdi.

Partlamada adam ýitgisi ýa-da şikeslenmeler hasaba alynmady, ýagdaý gözegçilik astynda diýip, Özbegistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna görä, sosial mediada peýda bolan tassyklanmadyk habarlar dört işçiniň wakanyň bolan ýerinde heläk bolandygyny aýdýar.

Gaz käniniň golaýynda ýerleşýän Kofrun obasynyň 5 müň çemesi ýaşaýjysy Boýsunyň etrap merkezine ewakuasiýa edildi. Oba ýaşaýjylary etrap merkezindäki käbir durmuş desgalaryna, şol sanda mekdepleriň sport zallaryna, keselhanalara, täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryna we bir stadiona ýerleşdirildi.

Käbir ýokary wezipeli resmiler, şol sanda premýer-ministriň orunbasary, adatdan daşary ýagdaýlar ministri, Surhandarýa welaýatynyň häkimi partlamanyň yz ýany wakanyň bolan ýerine baryp gördüler.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna gelip gowşan wideolarda kislorod balonlary bolan we ýörite iş eşiklerinde partlamanyň netijelerini aradan aýryp ýören adamlary görmek bolýar.

Partlama Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Hojaýpil obasyndan takmynan 50 km çemesi gündogarda, Özbegistanyň owgan serhedinden takmynan 100 km çemesi demirgazykda bolup geçdi.

Türkmenistanyň iň iri gaz känleri bolan Bagtyýarlyk we Galkynyş gaz känleri degişlilikde Lebap we Mary welaýatlaryndan ýerleşýär.

Goňşy ýurduň gaz käninde bolup geçen partlama we munuň yz ýany özbek häkimiýetleriň derhal herekete geçmegi Türkmenistanyň Lebap we Mary sebitleriniň ýaşaýjylarynyň arasynda pikir alyşmalary döretdi.

Ýerli ýaşaýjylar Türkmenistanda şuňa meňzeş hadysalara garşy göreşmek üçin ýörite gullugyň hem ýokdugyna ünsi çekýärler.

“Hudaý saklasyn, bizde şeýle partlama ýa beýleki tehnogen hadysalar ýüze çykaýsa, hökümet islese-de boýun alyp bilmez, sebäbi, iň bärikisi, şol adatdan daşary ýagdaýlar bilen göreşmäge taýýar aýratyn gulluk hem ýok, ýene-de hiç zatdan başy çykmaýan, ýarym aç esgerleri sürerler” diýip, ýolötenli gaz çykaryş edarasynyň bir işgäri anonim şertlerde öz pikirini aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri, adatça, ýurtda adatdan daşary ýagdaýlar, şol sanda tebigy betbagtçylyklar ýüze çykan halatynda olary resmi görnüşde boýun almaýar.

Özbegistanyň Boýsun etrabyndaky partlama “Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy” gaz käninde bolup geçdi. Bu gaz käni Özbegistanyň iň iri gaz ýatagy bolup, onuň ätiýaç gorlarynyň takmynan 109 milliard kub metr tebigy gaza barabar bolandygy çaklanýar.

Özbek häkimiýetleri partlamanyň mümkin bolan sebäplerini heniz mälim etmedi. Ýerli ýaşaýjylar partlamadan soňra, sebitde zaýa bolan ýumurtganyň ysyna meňzeş bir ys duýandyklaryny aýtdylar.

“Bu örän howply ýagdaý. Obada hiç kim galmady. Hemmeler üçin jan süýji, şonuň üçin terk etdiler. Häzir hem ol ýerde ýakymsyz bir ys bar, çydamak kyn” diýip, ewakuasiýa edilen bir boýsunly ýaşaýjy aýdýar.

Wakanyň bolan ýerinde adatdan daşary ýagdaýlar boýunça merkez esaslandyryldy we tehnogen betbagtçylygyň täsirlerini azaltmak üçin zerur çäreler alnyp barylýar diýip, resmi beýanatda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň ÝOJ-larynda türkmen dili hünärleri boýunça 60 kwota bölünip berildi
Medisina syýahatçylygynyň meşhurlygy artýar. Türkmen raýatlary näme üçin Özbegistany saýlaýarlar?
Özbek parlament saýlawlaryna 146 türkmen dalaşgäri gatnaşýar. Türkmenistanlylar goňşy ýurduň saýlaw kampaniýasyna syn edýärler
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dowam edýär
Özbek mekdebinde dörän dil hadysasy Moskwa bilen güýçli çekeleşik döretdi
17-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti