4-nji noýabrda Pariždäki Drouant restoranynda Fransiýanyň esasy edebiýat baýragy bolan Gonkur baýragynyň ýeňijisi mälim edildi. 2024-nji ýylyň edebiýat baýragy 1960-njy ýyllardaky Alžiriň garaşsyzlyk ugrundaky göreşlerine bagyşlanan Hüýr (Houris) romany üçin alžirli ýazyjy we žurnalist Kamel Dauda berildi.
Romanyň baş gahrymany alžirli ýaş zenan Obe.Onuň ýurdunda bolup geçýän taryhy wakalar bedeninde ýara yzlaryny galdyryp, ses perdeleri hem bozulýar.Lal zenan ýene-de sesini dikeltmegiň arzuwynda bolýar.
Ol öz başdan geçirenlerini diňe göwresindäki çaga aýdyp bilýärdi… Bu romanda edebiýatyň hakykaty we duýgy güýjüni beýan etmek erkinligi arkaly taryh bilen birlikde ýene-de bir eser döreýär diýlip, baýragyň emin agzalarynyň beýanatynda bellenilýär.
Kamel Daud 54 ýaşynda.Ol Alžiriň port şäheri Mostaganemde dünýä indi.Ol ýurduň Oran uniwersitetinde fransuz edebiýatyny öwrenýär. 1994-nji ýylda fransuz dilinde çap edilýän Alžiriň Le Quotidien d`Oran gazetinde işläp başlaýar.
Onuň 2013-nji ýylda neşir edilen Marsonyň derňewi atly ilkinji romany Gonkur baýragynyň gysga sanawyna hödürlenýär. /* custom css */ .td_uid_15_67373a02eb3c1_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67373a02eb3c1_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }