“Gonkur” baýragyna eýe boldy

49 ýaşly ýazyjy Erik Wýuýar Fransiýanyň baş edebiýat baýragy “Gonkur” baýragyna mynasyp boldy.Gonkur akademiýasy 2017-nji ýylda fransuz dilinde ýazylan iň oňat eser hökmünde Erik Wýuýaryň “Gün tertibi” atly kitabyny saýlady.

Ozaldan gelýän däbe görä, ýeňijiniň ady Pariž garbanyşhanasy “Druan”-da mälim edildi.Gonkur akademiýasynyň baş sekretary Didýe Dekuanyň aýtmagyna görä, Erik Wýuýar üçin akademiýanyň 10 agzasyndan altysy ses berdi. “Gün tertibi” Ikinji jahan urşy ýyllarynda germaniýaly senagatçylaryň we olaryň maşgalalarynyň durmuşyna bagyşlanyp ýazylan edebi eserdir.“Gonkur”-yň laureatyna berilýän pul sylagy simwoliki häsiýete eýe bolup, bary-ýogy 10 ýewrodan ybaratdyr.

Bu baýraga eýe bolmak neşirýatlarda uly tiraž bilen eserleriňi çykarmaga we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabatyňy ýetirmäge mümkinçilik berip, neşiriň has köp satylmagyna ýardam edýär.1903-nji ýylda esaslandyrylan “Gonkur” baýragy akademiýanyň düzgünnamasyna görä, “ýylyň döredijilikli açyşy üçin” gowşurylýar.

Geçen ýyl fransuzça ýazýan asly marokkoly Leýla Slimany “Şirin aýdym” atly eseri üçin bu baýraga mynasyp bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Gonkur baýragyna mynasyp boldy
Täze romany çap edildi
GONKUR BAÝRAGY GOWŞURYLDY
Gonkur baýragy “Anomaliýa” romanynyň awtoryna berildi
Gonkur baýragy Baptan-Batist Andrea berildi
Fransiýaly ýazyjy zenan Brižit Žiro Gonkur baýragyny aldy